Sünt Hasardag döwlet tebigy goraghanasy

287
Günorta-Günbatar Köpetdag Merkezi Aziýa we Ortaýer deňiz sebitleriň çäkleşýän ýerinde bolan özboluşly biogeografik ýerlerdir. Bu sebit gurak subtropikleriň demirgazygynda ýerleşip, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. 1978-nji ýylda onuň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär.
Goraghana aýry-aýrylykda ýerleşýän üç sany bölümden ybarat: Merkezi bölümi 13406 ga, Aýdere bölümi 3618 ga we Çendir bölümi 9437 ga. Olar biri-birlerinden 50 kilometr töweregi daşlykda ýerleşýärler. Merkezi bölümiň günortasyna ýanaşyp, Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy ýerleşýär (3800 ga). Şeýlelikde, goraghananyň umumy tutýan meýdany 30261 ga. Merkezi bölüm Sünt we Hasar daglaryny, şeýle hem Köse dagynyň bir bölegini öz içine alýar. Aýdere bölümi Aýdere derýajygynyň orta we ýokary akymlarynda, onuň kert kenarlarynyň uzaboýuna, insiz zolakda ýerleşýär. Çendir bölümi Çendir derýasynyň çep we sag kenarlaryndaky Günuzyndag we Palyzan gerişlerinde ýerleşýär.
Goraghana Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşip, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan 2093-ga, Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndan 2807-ga, Magtymguly etrabyndan bolsa 25361-ga ýeri tutýar.
Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy 3800 ga ýeri öz içine alyp, Merkezi bölümiň günorta serhedi bilen ýanaşyk ýerleşýär. Çäkli goraghana Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 59-njy Karary esasynda 1.03.1990-njy ýylda döredildi. Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çäklerinde ýerleşýär.
Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsi görnüşleriniň baýlygy, endemikleriň köplügi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde 1300-den gowrak görnüşler ýüze çykarylypdyr we şolardan 115 görnüş Köpetdagyň endemikleridir (ýagny olar başga hiç ýerde gabat gelmeýärler). Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine (2011) girizilen 115 görnüşli ösümliklerden 34 görnüş (30 %) goraghanada duş gelýär. Şolardan türkmen selmelegini, alwany, hozy, ýabany nary we başgalary bellemek bolar. Aýratynda sebite mahsus bolan üzüm, injir, Siwersiň almasy, Buasýeniň we türkmen armytlary, badam, pisse ýaly ýabany miwelileri we hoz miwelileri bellemek gerek. Dünýäde diňe şu ýerde ösýän türkmen selmelegi goraghananyň aýratyn guwanjydyr.
Goraghanada duş gelýän dürli jandarlaryň arasynda seýrek we ýitip barýan görnüşler bardyr. Oňurgasyz jandarlaryň 2400 töweregi görnüşi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi bar. Süýrenijileriň 37 görnüşi bolup, olardan 1 görnüş göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir. 
Günorta-Günbatar Köpetdagda gabat gelýän guşlaryň umumy sany 276 görnüş bolup, tutuş Türkmenistanyň görnüş sanynyň 75%-ine barabardyr. Goraghanada höwürtgeleýän guşlaryň 160 görnüşden 11-si Gyzyl kitaba girizildi. Şolardan turaç, gara leglek, ütelgi, ýylançy gyrgy, bürgüt, sakally garaguş, gyrgy pisint garaguş, maslykçy, sähra garaguşy, garaguş, sähra göwenegi ýaly görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen.
Ownuk süýdemdirijilerden ýarganatlaryň 20 görnüşi gabat gelip, şolardan 7 görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Mör-möjek iýijilerden kirpiniň 2 görnüşi we ýer köwüjileriň 4 görnüşi gabat gelýär. Gemrijileriň 23 görnüş, towşan şekillilerden towşan we çypar omoka duş gelýär. Ýyrtyjylaryň hem dürli görnüşleri gabat gelýär. Olardan möjek, tilki, şagal, köwük we gamyş pişigi ýalylar adatydyr. Dag pişigi (manul) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Goraghananyň guwanjy – alajagaplaňdyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl sanawyna girizilendir. Häzir seýrek haýwan bolan zolakly syrtlanyň baş sany dikelip ugrady. Goňur aýy hem Gyzyl kitaba girizilip, onuň 1-sanysynyň Aýdere bölüminde ýaşaýandygy anyklanylyp, wideo gapanlaryň kömegi bilen gezýän ýerleri ylmy esasynda öwrenilýär.
Samyr şekillilerden samyr, alajagüzen, sakartorsuk adaty duş gelýärler. Gunduz we itaýy bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Sebitdäki toýnaklylaryň 5 görnüşinden goraghanada ýabany doňuz we aýrak gabat gelýär. Gulanyň we jereniň mahsus meýdanlary goraghananyň çäginden daşarda ýerleşýär. Umga bolsa goraghana döredilmezinden ozal ýitip gidipdir. Aýrak, umga, jeren we gulan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghanada we sebitde tebigy toplumlary öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça dürli çäreler geçirilýär. Goraghana sebitiň tebigaty öwrenmegindäki ylmy merkez bolup durýar. Ylmy bölümde howany, suwlary, topragy, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça gözegçilikler geçirilýär. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04