Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy
285Köpetdagyň gaýtalanmajak tebigy toplumlary – onuň geologiki gurluşy, landşafty, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada alymlar, jahankeşdeler we syýahatçylar gyzyklanyp XIX asyryň ahyrlarynda ylmy barlaglary geçirip başlapdyrlar. XX asyrda Gündogar, Merkezi we Günbatar Köpetdagyň tebigy baýlyklarynyň ylmy tarapdan çuňňur öwrenilmegi bilen bu dag ulgamynyň tebigy baýlyklarynyň goralyp saklanmagynyň wajyplygy bellenilýär.
Netijede 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de oňa golaý dagetek düzlükleriň ekoulgamlaryny gorap saklamak we olary toplumlaýyn öwrenmek, esasan-da arçalyklary, ýabany miweli agaçlary, ösümlikleriň başga gymmatly görnüşlerini hem-de ýabany haýwanlary, şol sanda umganyň, aýragyň, gulanyň, keýigiň, alajagaplaňyň we guşlaryň dürli görnüşlerini ylmy tarapdan öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek maksady bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Goraghananyň meýdany Ahal welaýatynda ýerleşýär
Merkezi Köpetdagyň orta dag guşaklyklarynda meýdany 50 müň ga gowrak bolan Ruhabat (Asylma, Babazaw, Arçabil) we Germap meýdançalary ýerleşýär. Goraghananyň tabynlygyna başga-da Akbugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Guryhowdan çäkli goraghanasy, umumy meýdany 15 müň ga we Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Mäne-Çäçe çäkli goraghanasy degişlidir. Onuň tutýan meýdany 60 müň gektar.
Goraghananyň çäginde gadymdan galan hoz tokaýlygyny we pisse tokaýlygyny gorap saklamak maksady bilen 1987-nji ýylda döredilen iki sany tebigy ýadygärligiň bolmagy hem tebigy gymmatlyga eýedir. Garaýalçy hoz tokaýlygy Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýär, tutýan meýdany - 20 ga, şeýle hem hoz tokaýynyň daş-töwereginde 91 gektardan ybarat bolan gorag zolagy bar. Gündogar Köpetdagyň dageteginde Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Çarlyk pisse tokaýlygynyň meýdany 2000 ga ybarat bolup pisse agajynynyň tebigy populýasiýasyny gorap saklamakdan we dikeltmekden ybaratdyr. Goraghananyň Ruhabat meýdançasynyň daşynda döredilen 32 800 gektar gorag zolagy goraghananyň gymmatly genofonduny gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir.
Köpetdag goraghanasynyň ösümlik dünýäsi klimatyň guraklygyna we kesgitli üýtgeýänligine garamazdan, görnüşlere baýdygy we köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Goraghananyň çäginde ösümlikleriň 1200-den gowrak görnüşi duşýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsi relikt, seýrek, endemik görnüşlere baýdyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine (2024ý.) girizilen ösümlikleriň 38 görnüşi goraghananyň meýdanlarynda gabat gelýär. Köpetdag goraghanasynyň meýdanlarynda Köpetdag-Horasan daglarynyň endemigi bolan türkmen arçasy, esasy tokaý emele getiriji agaçdyr. Ýene-de bir gymmatly agaçlaryň biri hem gadymy ortaýerdeňziniň ösümlik dünýäsiniň relikti - adaty hozdur. Häzirki wagtda goraghananyň Garaýalçy we Galanhoz jülgelerinde uly bolmadyk hoz tokaýlygy bar. Dag derelerde dagdan agajy, türkmen kerkawy, arguwan, injir we başga-da birnäçe agaçlar, gyrymsy agaçlar giňden ýaýrandyr. Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda Atabaýewiň haramçybygynyň, Türkmen popowiolimonynyň, kiçijik ziberanyň we başga endemik ösümlikleriň populýasiýalaryny ylmy tarapdan öwrenmek uly ähmiýete eýedir. Goraghananyň meýdany dermanlyk ösümliklere hem örän baýdyr, ýagny sarysolmaz, jerebaý, yşgyn, aňňyza, andyz, böwürslen, alyç, zirk, itburun ýaly jana şypa beriji ösümlikleriň dürli görnüşi gabat gelýär.
Goraghananyň haýwanat dünýäsi hem görnüş dürlülige örän baýdyr. Oňurgasyz haýwanlaryň görnüş düzümi 1000-den gowrak. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen oňurgasyzlaryň 13 görnüşi Köpetdag goraghanasynyň çäginde duş gelýär. Goraghananyň meýdanlarynda derýajyklaryň we çeşmeleriň bolmagy goraghananyň ekoulgamyna amatly täsirini ýetirýär. Goraghanada balyklaryň 6 görnüşi ýaýrandyr, olardan gündogar ýyndamy, hazaraňyrsy garabalygy we türkmen ýalaňaç balygy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawuna girizilen görnüşlerdir. Köpetdag süýreniji haýwanlaryň “tebigy mekany” hasaplanýar, goraghananyň çäginde olaryň sany 38-den gowrakdyr, menekli ýylançyr, köpetdag suwulgany, eýran pişikgöz ýylany, göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizildi. Köpetdag goraghanasynyň guşlar dünýäsi örän täsin bolup, görnüşleriň sany 150-den gowrakdyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawuna girizilen guşlardan 23 görnüş goraghananyň meýdanlarynda gabat gelýär. Gara leglegiň Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda we Sekizýap hem-de Bakja derýajyklarynyň töwereklerinde yzygiderli hasaba alynmagy, Germap ýol ugurda her ýylda maslykçy guşunyň höwürtgelemegi, sakgally garaguşyň Garaýalçyda höwürtgelemegi we başga birnäçe görnüşleriň bioekologiýasynyň öwrenilmegi gymmatly genofonduň ygtybarly goragyny üpjün etmäge uly ýardam berýär. Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň üstünden her ýylda ýaz we güýz paslynda çal durnalar migrasiýa ýollaryny dowam edýärler. Süýdemdiriji haýwanlaryň görnüş dürlüligi boýunça alnanda goraghananyň meýdanlarynda Tebigaty Goramagyň Halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawuna girizilen görnüşlerden alajagaplaň, umga, aýrak, gulan, keýik, syrtlan, manul pişigi we başga görnüşler gabat gelýär. Häzirki wagtda hem goraghanada ýabany haýwanlaryň gymmatly genofonduny ylmy tarapdan öwrenmekde we gorap saklamakda döwlet ähmiýetli işler geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli ýerine ýetirilýär. Goraghananyň ylmy-tejribe meýdançasynda dag agaçlarynyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Goraghananyň “Tebigat muzeýine” mekdep okuwçylary, talylar, Aşgabat ş. ýaşaýjylary we myhmanlar gelip tebigat baradaky bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Tebigat muzeýindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri ýurdumyzda döwlet we halkara derejede geçirilýän sergilerde hem görkezilýär.