Hazar döwlet tebigy goraghanasy

376
Eziz Diýarymyzyň haýsy künjegine ser salsaň-da, hersiniň öz gözel tebigaty bardyr. Onuň ajaýyp tebigaty özüniň dürli öwüşginliligi bilen ynsany özüne çekýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan künjekleriň biri-de Hazar deňziniň Türkmen böleginde ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasydyr.
Bu goraghana 1932-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Esenguly ornitologiki goraghanasy diýen at bilen Watanymyzyň deňizýaka sebitiniň tebigatyny öwrenmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetika gorlaryny, seýrek duş gelýän we üýtgeşik ekologiýa-geologiýa ulgamlary hem landşaftlary gorap saklamak hem-de öwrenmek, tebigy ýagdaýlaryň we hadysalaryň tebigy akymlaryny üpjün etmek üçin degişli şertleri döretmek, daşky gurşawy goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek. Ol 1933-nji ýylda Bütinsoýuz ornitologiki  goraghanasy diýen ada eýe bolýar. Ilkibaşda, ol Esengulynyň deňiz kenarýakasyny we Etrek derýasynyň aşaky akymyndaky süýji suwly ýerleri öz içine alyp, 70 müň ga meýdany eýeläpdir.
Aşgabatda ýerleşen Orta Aziýa zooweterinar institutynyň professory M.K.Laptewiň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň ylmy maglumatlaryna esaslanyp, 1932-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Esenguly ornitologik (guşlar) goraghanasy döredilýär. Ol 1933-nji ýylda Bütinsoýuz ornitologik  goraghanasy diýip atlandyrylýar hem-de ilkibaşda Esengulynyň deňiz kenarýakasyny we Etrek derýasynyň aşaky akymyndaky süýji suwly ýerleri öz içine alyp, 70 müň gektar meýdany eýeläpdir.
Goraghananyň Esenguly ady 1968-nji ýylda üýtgedilip, oňa Krasnowodsk döwlet goraghanasy diýlip, 1994-nji ýylda bolsa ol hem üýtgedilip, Hazar döwlet tebigy goraghanasy diýip at dakyldy hem-de şol ýyl onuň düzümine Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy goşuldy. Häzirki wagtda goraghana 3 bölümden ybaratdyr: Esenguly (69700 gektar),  Hazar (191260,58 gektar) we Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy (7000 gektar). Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň goralýan umumy meýdany 267960,58 gektardyr.
Goraghananyň iň uly bölegi – Hazar meýdançasydyr. Ol ýalpak suwly Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk, Demirgazyk Çeleken aýlaglaryny hem-de olaryň daşyny gurşap alýan bir kilometrlik gorag zolagyny öz içine alýar. Bu meýdançanyň 72 göterime golaý ýerini suw akwatoriýalary eýeleýär. Aýlaglaryň kenarýakalaryny dag etekleri, gum we süýşýän çäge depeleri hem-de şorluklar gurşap alýar. Bu ýerde suwotularyň dürli görnüşleri duş gelýär. Aýlaglarda has giňden ýaýran suwotularyň biri-de haralardyr. Bu otlaryň baý gorlary migrasiýa wagtynda dynç alyp geçýän hem-de şu aýlaglarda gyşlamaga galýan sakarbaraklar, almabaş, gyzylbaş, garamtyl ördek ýaly ot iýýän guşlaryň müňlerçesiniň  iýmitlenmegini üpjün edip bilerler. Goraghananyň suw giňişliklerinde suw otlarynyň 41 görnüşi hasaba alnan. Olardan çolon, deňiz ruppiýasy, darak görnüşli suw kerebi. Olar suwda ýüzýän käbir guşlara we balyklara iýmit bolup hem-de käbir fitofil balyklara işbil taşlamak üçin ýer (substrat) bolup hyzmat edýärler. 
Hazar meýdançasynyň gury ýerleri eýeleýän gorag zolagynda ösümlikleriň dürli görnüşleri duş gelýär. Olara mysal edip Kelleriň we Bathyz ýowşany, zakaspiý şorasy, Meýeriň ýylgyny, Kareliniň selini, ak we gara sazagy,  adaty üzärligi- Eýhwaldyň sözenini, Komarowyň aktikenini hem-de başgalary görkezmek bolar.. Goraghananyň ikinji bölegi bolan Esenguly meýdançasy Hazar meýdançasynyň çäginden 300 km golaý uzaklykda, günorta tarapda Esenguly etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Bu meýdança biri-birinden üzňelikde bolan 4 sany bölekden ybaratdyr. 
Goraghana boýunça ösümlikleriň jemi 417 sany, kömelekleriň 2 sany görnüşiniň duş gelýändigi mälimdir. Ösümliklerden 5 sanysy seýrek duş gelýän ösümlik hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizildi:  Zakaspi şorasy, Çeleken guşgözi, Çägemik, Moh görnüşli laziopogon, Garabogaz ýurineýasy.  
Hazar deňziniň we Etrek derýasynyň gidrologiýa şertleriniň üýtgemegine garamazdan, goraghananyň haýwanat dünýäsi dürli görnüşlere hem-de olaryň gorlaryna örän baýdyr. Onda guşlaryň 300-den gowrak görnüşi, balyklaryň 61 görnüşi, süýdemdirijileriň 46 görnüşi, süýrenijileriň 39 görnüşi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi hasaba alnandyr. Goraghanada duş gelýän mör-möjekleriň 6 görnüşi: Bulaýjy teneçir, Gysgaganat boliwariýa, Kaspiaňyrsy tutuksy aýypisint kebelegi, Ýer köwüji gara darakly prioniks arysy,, Buýnuzganat empuza, Agaç hudaýatasy, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. 
Goraghananyň öňünde durýan esasy maksatlarynyň biri-de Russiýadan we Gazagystandan gyşlamaga gelýän, güýz hem ýaz aýlarynda migrasiýa wagtynda dynç alyp geçýän guşlary ylmy taýdan öwrenmek hem-de gorap saklamakdyr. Suwda ýüzýän we suwýaka guşlarynyň  gyşlamagynda Hazaryň türkmen kenarýakalarynyň halkara ähmiýetini nazarda tutup, Eýran Islam Respublikasynyň Ramsar şäherinde 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda suw-batgalyk we suwda ýüzýän guşlaryň halkara konfensiýasynda Türkmenbaşy we Demirgazyk Çeleken aýlaglary gymmatly suw-batgalyk peýdalanylýan ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Hazar döwlet tebigy goraghanasy 1976-njy ýylda Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň  halkara birleşigi (TGHB) tarapyndan ýörite Diplom bilen sylaglandy. Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasyna täzeden goşulyşdy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göterimden gowragy Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýärler.   
Hazar düwleni Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem-de TGHB Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni Hazar deňzinde ýaşaýan süýdemdiriji haýwanyň ýeke-täk görnüşidir, endemik haýwanyň ýaşaýyş ýaýrawy deňziň ähli böleklerini eýeleýär.   
Goraghananyň düzüminde Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy bolup, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasynyň ýerlerini eýeleýär. Ada demirgazykdan günorta tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy 37 km, ini ortaça 1,5-2,5 km deňdir. Onuň umumy tutýan meýdany 9000 ga barabar bolup, şonuň 7000 ga çäkli goraghana degişlidir Onuň döredilmeginiň esasy maksady juda seýrek haýwanlaryň biri hasap edilýän keýikleri ýarym erkinlikde saklap, köpeldip, ülkämiziň dürli ýerlerine  göçürmekdir.
Adanyň tebigaty örän arassadyr, onuň salkyn we çygly howasy ösümlikleriň ösüş döwrüne amatly täsir edip, olaryň uzak wagtlap saralyp-solmazlygyna ýardam berýär. Ogurjaly adasy ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Adanyň ýerlerinde ösümlikleriň 65 görnüşi duş gelýär. Olardan keşdeli borjagy, tüýli genrardiýany, Eýran wulpiýasyny (a) mysal getirmek bolar.  
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi jaýynyň birinji gatynda  “Tebigat” muzeýi ýerleşýär. Muzeýiň bezeginiň örän owadanlygy, guşlaryň we  ýabany  haýwanlaryň ussatlyk bilen ýasalan gäpleri ylaýta-da, dürli eksponatlaryň ýerleşdirilişiniň ýabany tebigy şertlere juda meňzeşdigi görenleri haýran galdyrýar. Çagalarda gezelenç wagtynda galýan täsir, olarda tebigata bolan söýgüniň has-da mäkämleşmegine ýardam edýär. 
Ramsar  Konwensiýasynyň çäklerinde,  2024-nji ýylyň  20–27-nji ýanwarynda Hazar deňziniň türkmen böleginde halkara ornitologik ekspedisiýasy amala aşyryldy, bu ekspedisiýa Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň alymlary we hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, olaryň esasy maksatlarynyň biri hem Hazar deňziniň türkmen böleginde gyşlaýan suw-batgalyk guşlarynyň nobatdaky gyşky sanawyny amala aşyrmakdan ybarat boldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04