Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy
287Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Ol 1979-njy ýylyň 16-njy awgustynda döredildi. Goraghananyň häzirki tutýan meýdany 275735 gektara deň. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy tutýan meýdany boýunça ýurdumyzyň beýleki goraghanalarynyň içinde iň ulusy bolup durýar.
Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady - Üstýurt dag goçuny (aýragy), gulany, keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny kemeltmän saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr. Ýeri gelende aýtsak, „Gaplaňgyr“ diýen adyň „Gaplaňgyr“ beýikligi bilen baglanyşyklydyr. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy Üstýurdyň günorta-gündogar çetinde ýerleşip, Gaplaňgyr belentliginiň demirgazyk çetini öz içine alýar.
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde 2 sany döwlet tebigy çäkli goraghana bar: Sarygamyş we Şasenem.
Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1980-nji ýylda döredilip, meýdany 541 466 ga deň. Onuň esasy wezipesi tebigatyň ähli ulgamlary bilen bilelikde Sarygamyş kölüniň suw giňişliklerinde ýaşaýan, hatda wagtlaýyn ýaşap uçup geçýän guşlary goramakdan, Sarygamyş kölüniň töwereginde ýaşaýan keýikleri, dag goçlary, gulanlary we gyşlamaga gelýän sogaklary goramakdan we olaryň sanyny köpeltmekden ybarat bolup durýar.
Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1983-nji ýylda döredilip, meýdany 109 002 ga deň. Onuň wezipesi toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar.
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň we onuň çäkli goraghanalarynyň meýdanynda 400 görnüş ýabany ösýän ösümlikler duş gelýär we tebigatymyzyň baýlyklarynyň biri bolup durýarlar.
Ösümlikleriň 96 görnüşi selmeler, 45-si – kelemler, 40-sy – astragüllüler, 27-si – kyrkbogunlar, 23-si – kösükliler, 19-y – myhaklar, 15-i – buraçnikler we 16 görnüş gyrtyçlar maşgalasyna degişli.
Ösümlikleriň 53 görnüşi endemiklerdir, olaryň 24 görnüşi turan-hazar, 20-si – turan, 5-si – ortaaziýa, 3-si – eýran-turan we 1-i balkan-turan endemigidir. Endemik ösümlikleri gorap saklamakda goraghananyň ähmiýeti uludyr.
Goraghananyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024 ýyl) girizilen ösümliklerden 2 görnüşi duş gelýär: çägemik we porsy çomuç. Bu görnüşleriň ýaýran ýerlerini, sanyny anyklamak boýunça ylmy gözegçilikler geçirilýär.
Goraghananyň özboluşly hem gymmatly haýwanat dünýäsi bar. Goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda oňurgaly haýwanlaryň (balyklardan başga) 292 görnüşi duşýar: ýerde-suwda ýaşaýanlar – 2; süýrenijiler – 25, zemzen CITES-iň sanawyna, sähra pyşdyly we kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna girizildi.
Goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda duş gelýän guşlaryň 218 görnüşinden 58-si çölde we suw ýakasynda höwürtgeleýär, galanlary – uçup geçýän, düşläp geçýän we gyşlaýan guşlardyr. Guşlaryň 27 görnüşiTürkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (2024 ýyl) girizildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky 2289-njy karary bilen tassyklanan Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda 2022-2025-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynda Zeňňibaba döwlet tebigy çäkli goraghanasyny – 28 000 gektar we onuň töwereginde ini 2 kilometr meýdany 23 000 gektar gorag zolagyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu çäkli goraghanasyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Zeňňibaba köli Daşoguz şäherinden 200 km uzaklykda, Ruhubelent etrabynyň merkezinden - 60 km günorta-günbatarda ýerleşýär. Kölüň umumy meýdany 2470 ga barabar bolup, akar we akarjyklar arkaly biri-biri bilen birleşýän uly we kiçi kölleriň ulgamyndan ybaratdyr.
Kölüň kenarýakasyny gabaýan gamyş, ýylgyn jeňňellikleri haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň ýaşaýan mekany bolup hyzmat edýär. Gyrlaryň gaýalarynda ýyrtyjy we beýleki guşlar ýaşaýar we höwürtgeleýär.
Zeňňibaba kölüniň we onuň towereginde ösümlikleriň dürli görnüşi ösýär. Beýikligi 5-6 m ýetýän gür gara sazak tokaýlygy bu ýeriniň tebigy täsinligidir. Onuň aralarynda ösýän çopantelpek, çigildem ýaly ak, sary, gyzyl gülli ösümlikler bu tokaýlygyň görküni artdyrýar. Sazak tokaýlygy ýyl-ýyldan gürelýär.
Zeňňibaba kölünde we oňa ýanaşyk ýerlerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň ýaşamaklary we köpelmekleri üçin oňaýly şertler bar.
Goraghanada ekoulgamlaryň toplumyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik gaznasyny we şu sebitiň tebigatynda ylmy esaslarda gorag işlerini alyp barmak esasy maksat bolup durýar. Şoňa görä-de goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, olaryň seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan hem-de aýratyn ylmy we gözellik gymmatlyklary bolan görnüşlerini gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar.