Bathyz döwlet tebigy goraghanasy

290
Gadymyýete siňip giden baý taryhy özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýan Bathyz belentligi jenneti Diýarymyzyň günortasynda - Guşgy etrabynda, gojaman Hindiguş dag ulgamynyň Parapamiz şahasynda ýerleşýär. 
Gazaply urşuň gidip duranlygyna garamazdan, 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda tebigatyň türkmen topragyna eçilen bu täsin gözelligini: haýwanat dünýäsiniň baýlygyny, deňsiz-taýsyz ajaýyp ösümlik dünýäsini, galyberse-de, gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan topragyny, iň iri seýrek pisse tokaýlygyny geljekki nesillerimize miras galdyrmak maksady bilen, Bathyz döwlet tebigy goraghanasy döredildi.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdany Tejen we Murgap derýalaryň aralagyndaky baýyrlyk ýerde ýerleşýär. 
Daglyk Bathyzyň günorta böleginde birnäçe günortadan demirgazyga tarap ýerleşen dag gerişleriň ulgamy bardyr. Goraghananyň iň beýik nokady Gyzgädik gerşindedir (deňiz derejesinden 1270,5 m beýikde). Iň pes nokady bolsa deňiz derejesinden 311 m beýikde ýerleşýän Ýeroýlanduz çöketligi. 
Goraghananyň serhedi günbatarda Gyzgädik gerşiniň eňňitleriniň üsti bilen geçse, demirgazyk serhedi Düzengyr we Ellibir belentlikleriniň üstünden geçýär, gündogar serhedi Gyzyljaryň üsti bilen geçse, günorta serhedi Ýeroýlanduz çöketliginiň we Çyngurek dag etekleriniň üstünden geçýär. 
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 25-nji dekabryndaky Karary esasynda Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň we onuň çäkli goraghanalaryň meýdanlary Ahal we Mary welaýatlaryň çäginde giňeldildi. Karara laýyklykda goraghananyň töwereginde gorag zolagy we Türkmenistanda ilkinji gezek ekologik geçelgesi döredildi. Goraghananyň häzirki tutýan meýdany 289 347 ga (çäkli goragahanalar we beýleki goralýan ýerler bilen bilelikde).
Goraghananyň düzümine Çemenabat, Pulhatyn, Gyzyljar döwlet tebigy çäkli goraghanalary girýär. Çemenabat döwlet tebigy çäkli goraghanasy Guşgy derýasynyň kenarynda 26  müň ga ýerde ýerleşip, tomus möwsüminde gulanlaryň bol suwly ýerlere, ýagny derýanyň kenaryna suw içmäge gelýänligi we olar suw içýän wagtlary hiç hili päsgelçiligiň bolmazlygy üçin döredilen we Tejen derýasynyň boýunda 15 müň ga meýdanda gulanlara erkin suw içmek üçin Pulhatyn döwlet tebigy çäkli goraghanasy döredilen. Şonuň ýaly hem 30 müň ga meýdanda gulanlaryň we keýikleriň köpelýän döwri hojalyk işlerini çäklendirmek maksady bilen Gyzyljar çäkli goraghanasy döredildi. 
Bathyzyň ösümlik dünýäsi ösümlikleriň Eýran-Owganystan görnüşlerindendir, bu ýerlerde duş gelýän ösümlikler sähralyk we ýerli görnüşlerden düzülýär.  Bathyzyň ösümlik örtügi örän baýdyr. Bu ýerde 1050 görnüşdäki damarly ösümlikler (442 urug, 76 maşgala), olaryň arasynda 75 görnüş (aşaky görnüş) endemikdir. 
Endemik ösümliklere guşgy çigildemi, horosan esparsenti, Agamet astragaly, ýaýraň gülli pajintnik, bathyz çakyrtikeni, bathyz çomujy, bathyz merenderasy we beýlekiler girýärler. Ösümlikleriň 14 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar: Aaronisiň trihostomopsisi, bathyz düýegyrany, bir öýli andyz,  owgan injiri, Wasilçenkonyň astragaly, çägemik, guşgy astragaly, bathyz pissesi, ýürek ýaprakly smirnium, Androsowyň fagnalony, kijijik zibera,  guşgy we lemanyň çigildemleri.
Goraghanada seýrek pisse tokaýlygy, çöllük sähra, ýerüsti akymy bolmadyk akymsyz çöketlikler ýaly şertli atlar dakylan dürli keşpleriň üç görnüşi tapawutlanýar. 
Pisse tokaýlygy Bathyzyň günbatar çäginde ýerleşýän daglyk mekandyr. Ol daşyndan seredeniňde sawanna çalym edýär, oňa tokaý diýer ýaly hem däl. Pissäniň ençeme peýdaly taraplary bar. Ösümlik dünýäsiniň iň gadymy wekili bolan, ol özüniň daş keşbi we durmuşyň özboluşly tebigy kyn şertlerine uýgunlaşanlygy bilen haýran galdyrýar.
  Goraghananda haýwanlardan ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 39 görnüşi, guşlaryň 257 görnüşi we süýdemdirijileriň 36 görnüşi (aşaky görnüş) ýaşaýar. Bu ýerde oňurgasyz haýwanlaryň 1326 görnüşi (aşaky görnüş) anyklanandyr. 
Bathyzyň haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl girizilendir ýa-da „Gyzyl kitap“ görnüşleriniň 35%-dir.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen oňurgasyz haýwanlaryň 45 görnüşiniň 12-si ýaşaýar. Munuň özi Gyzyl kitapdaky oňurgasyzlaryň görnüşleriniň umumy sanynyň 27% düzýär.
Bathyzda süýdemdirijileriň 46 görnüşi, şol sanda mör-möjek iýýänleriň 3, ýarganatlaryň 9, ýyrtyjylaryň 14, gemrijileriň 15 we toýnaklylaryň 4  görnüşi duş gelýär. Goraghanasynyň meýdanlarynda ilkinji göze ilýän jandarlar toýnaklylardyr. Olar: gulan, keýik, aýrak we ýekegapan. 
Ýeroýlanduz Bathyzyň iň uly we iň owadan çöketligidir, onuň demirgazyk eňňidi goraghananyň meýdanyna degişlidir. Ýeroýlanduz gundogardan günbatarlygyna 25 km, demirgazykdan günbatarlygyna 10 km uzalyp gidýär. Onuň demirgazyk eňňidi kert bolup, dilkaw-dilkaw jülgeler, uçutlar dumly-duşy tutup dur. Ol uçutlar çöketligiň düýbünden 430 m beýiklikde saýlanyp otyr. Günorta eňňidi ýapgyt hem tekizdir. Çöketligiň düýbi giden şorlyk bilen adybir köl bolup ýatyr. Munuň özi goraghananyň iň pes ýeridir, kölüň beýikligi deňiz derejesinden 311 m ýokarydyr. Kölde suw diňe ýazyna, garlar eräp, bahar ýagyşlary diňenden soň peýda bolýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04