Tokaýlaşdyrma işleriniň ähmiýeti
53Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy gorap saklamak boýunça ylalaşyklaryna gatnaşmak bilen Türkmenistan ekologiýa meselelerini, şol sanda tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, olary goramak we dikeltmek, çölleşmä we topragyň bozulmalaryna garşy, howanyň üýtgemegine bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.
Tokaý baýlyklaryny gorap saklamak we dikeltmek-tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy jähtleriniň biri bolup durýar. Tokaýlar bütin adamazadyň möhüm baýlygy bolup durýar. Şonuň üçin hem, dünýä jemgyýetçiligi tokaý baýlyklaryny ösdürmekde we dolandyrmakda sebit we halkara derejelerinde çäreleri geçirýär.
Howanyň ähliumumy üýtgemeginiň netijeleri, esasan gurak howaly ýerlerde has ýiti ýüze çykýar. Tokaýlaşdyrmak we tokaýlary durnukly dolandyrmak bu hadysalaryň oňaýsyz täsirlerini peseltmekde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekligiň esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Dünýäniň köp döwletleri, şol sanda Türkmenistan hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin ýörite çäreleri işläp düzýärler. 2021-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy çölleşmä garşy göreşmegiň çäreleriniň möhüm biri bolup durýar.
Uly meýdany eýeleýän Garagum çölüni we Köpetdag daglar ulgamlaryny öz içine alýan Türkmenistanda, tokaýlaşdyrmak uly ähmiýete eýe bolup, ekologiýa deňagramlylygynyň we biodürliligi gorap saklamagyň möhüm düzüm bölegidir.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklylda ýurdumyz boýunça tokaýlaşdyrmak we tokaýlaryň meýdanyny köpeltmek üçin, köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak giňden ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň töwereklerinde we ähli welaýatlarda millionlarça agaçlaryň we gyrymsylaryň nahallary oturdyldy. Eýýam, merkezi Köpetdagyň etegindki tokaý-seýilgäh zolaklarynda, ýabany haýwanlaryň we guşlaryň sany artdy. Agaçlaryň ekilmegi bu sebitde ekologiýa şertleriniň gowulanmagyna we sagdynlaşmagyna öz täsirini ýetirýär. Yzygider suw tutulmagy bolsa bu ýerlerde haýwanlar üçin iýmitlik buinýadynyň we täze suw içilýän nokatlarynyň döremegine ýardam etdi. Bu bolsa, tokaý ulgamlarynda biodürliligiň ýagdaýyny gowulandyrdy, dynç alyş zolaklarynyň meýdanyny giňeltdi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölüminde 2021-nji ýyldan başlap “Aşgabat şäheriniň töweregindäki tokaý zolaklarynyň toprak-howa şertlerine täsirini öwrenmek (Merkezi Köpetdagyň etegi mysalynda)” atly tema boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu barlag işleriniň netijesinde, howanyň çyglylygynyň ýokarlanmagy, temperaturanyň peselmegi, toprakda yzgaryň saklanmagy we iýmit maddalaryna baýlaşýanlygy ýaly ýagdaýlar anyklanyldy.
Häzirki wagtda emeli döredilen tokaý zolaklary dag eteklerine şeýle hem Aşgabat şäherine oňaýly täsirini ýetirýär, olar amatly howa şertlerini döredýär, umuman ekologiýa abadançylygy üpjün etmekde wajyp ähmiýeti bardyr.
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty
Ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölümi
Nury Atamyradow