KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILENINE 48 ÝYL
751976-njy ýylyň 19-njy awgustynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de oňa golaý dagetek düzlükleriň ekoulgamlaryny gorap saklamak we olary toplumlaýyn öwrenmekden ybaratdyr. Goraghananyň meýdany Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Goraghananyň tabynlygyna Guryhowdan we Mäne-Çäçe çäkli goraghanalary, Garaýalçy hoz tokaýlygy hem-de Çarlyk pisse tokaýlygy tebigy ýadygärlikleri, şeýle hem gorag zolagy degişlidir. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik dünýäsi özboluşlulygy we köpdürlüligi bilen tapawutlanýar, ösümlikleriň 1200-den gowrak görnüşi ylmy tarapdan anyklanandyr. Şeýle hem relikt, seýrek we endemik görnüşleriň hem birnäçe görnüşi duş gelýär. Türkmen arçasy hemişe gök öwsüp oturan, esasy tokaý dörediji agaçdyr, ol köpetdag-horasan daglarynyň endemigidir. Dag derelerde dagdan agajy, türkmen kerkawy, arguwan, injir we başga-da birnäçe agaçlar, gyrymsy agaçlar giňden ýaýrandyr. Goraghananyň meýdany dermanlyk ösümliklere hem örän baýdyr, ýagny sarysolmaz, jerebaý, yşgyn, aňňyza, andyz, böwürslen, alyç, zirk, itburun ýaly jana şypa beriji ösümlikleriň dürli görnüşi gabat gelýär. Goraghananyň haýwanat dünýäsi görnüş dürlülige baý bolup bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl sanawuna girizilen görnüşlerden alajagaplaň, umga, dag goçy, gulan, keýik, manul pişigi, syrtlan, bürgüt we başga-da birnäçe görnüşler duş gelýär. Şeýle hem oňurgasyz haýwanlaryň görnüş düzümi örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu baýlyklary gorap saklamakda, ylmy tarapdan öwrenmekde we sanyny dikeltmekde goraghanada döwlet we halkara derejede uly ähmiýetli işler ýerine ýetirilýär.
Ynha “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy ýylynda goraghananyň döredilenine 48 ýyl dolýar. Bu baýramçylyk mynasybetli Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda dürli çäreler gurnaldy. Gökderede ýerleşýän çagalar dynç alyş sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe ýurdumyzyň gözel tebigaty barada ekologik wagyz-nesihat işleri awgust aýynyň dowamynda geçirildi. 2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda goraghananyň döredilmeginiň 48 ýyllygy mynasybetli Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy ýylynda - Köpetdagyň tebigy gözellikleri” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli edara kärhanalardan hünärmenler, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Şeýle hem goraghanada döwlet ähmiýetli işlere uly goşandyny goşýan, işjeň zähmet çekýän işgärlere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda bize döredip berýän mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris.
Aknabat Potaýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy