Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi

3272

Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak boýunça milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän beýleki onlarça taslamany tassyklady.

Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren we halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Munuň özi Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral meselesiniň aýry-aýry ugurlaryny ýüze çykarmak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly tekliplerden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunda Araly halas etmegiň halkara gaznasy ekologik we ylmy-tehniki taslamalary hem-de Aral meselesine degişli çäkler ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklar üçin köpugurly binýat hökmünde kabul edildi. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Ilkinji nobatda, bu ugurda ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýady döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna hem-de daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi hakynda düzgüniň berkidilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwrüň talabyna we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, milli kanunçylyk hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda, beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarda tassyklanylan ugurlaryň çäklerinde biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary goramak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy bilen, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän täze tokaý zolaklarynyň döredilmegi watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyryp, daşary ýurtly myhmanlary hem haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektar meýdany bolan tokaý zolaklary döredildi. Bu ugurda giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça umumydünýä tagallalaryna mynasyp goşantdyr.

Döwlet Baştutanymyz ekologik meseleler babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk çäreler kesgitlenilen hem-de täze ugurlary öz içine alýan Konsepsiýany tassyklady. Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýuridik taraplarynyň we olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň hem-de telekeçilik işini alyp barýan adamlaryň ýerine ýetirýän işlerinde hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasynyň girizilendigini bellemek gerek.

Şol bir wagtyň özünde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny nazara alyp, senagat toplumynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna tapgyrlaýyn geçilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň, dokma senagatynyň we beýleki düzümleriň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylýandygyny mysal hökmünde aýtmak bolar. Täze önümçilik toplumlary gurulýar, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de daşky gurşawa zyýan berýän serişdeleri aradan aýyrmaga mümkinçilik döredýän tehniki çözgütleri ulanmak arkaly, ozal bar bolan desgalar düýpli döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmenistan Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň sagdynlaşmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Bu ugurda taslamalar amala aşyrylanda, ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine toplan oňyn tejribesini we döredijilik mümkinçiliklerini has doly ulanmaga çalyşýar.

Hazar deňziniň ekologik taýdan ygtybarly gorag ulgamyny döretmek döwletimiziň tebigaty goraýyş syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bilen şertlendirilýär. Dünýä ummany bilen arabaglanyşygy bolmadyk iň iri içerki suw howdany — Hazar deňzi köp görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolmak bilen, tebigatyň hakyky merjeni hasaplanýar. Hazaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, olar sebitiň biologik genofonduny düzýär.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa we awtomobil ýollarynyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşen, örän baý uglewodorod, balyk hem-de beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde bu sebite möhüm orun degişlidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede ekologiýa babatda zerur işleri alyp barýar we bar bolan meseleleriň çözgüdine, Hazar deňzinde ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär. Şu ýylyň iýun aýynda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sammitiň dowamynda ekologiýa, tebigaty goramak, Hazaryň biologik serişdelerini saklamak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň oňyn guraly döredildi. Bu işiň has sazlaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologik deňeçerligini üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak boýunça ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olaryň halkara ekologik howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi taslamalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Garabogazkarbamid” zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalara eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu ugurda anyk maksatlara ýetilmegi we giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi esasynda hemişe gök öwüsýän zolaklar emele gelýär, täze seýilgäh zolaklary döredilýär. Bu bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan adamlaryň saglygyna oňaýly täsiri bolan ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Şeýle-de deňziň ajaýyp ekoulgamyny saklamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň degişli düzümlerini, halkara agentlikleri, ekomerkezleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek arkaly Hazar deňzi üçin netijeli “ýaşyl” diplomatiýa ugurlary döredilýär.

Soňky ýyllarda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine oňyn çemeleşmeleri öz içine alýan ägirt uly suw hojalyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi tebigaty goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň we oba ilatynyň durmuş derejesiniň has ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy boýunça giň möçberli maksatnamalarda dürli maksatly, şol sanda düzümleýin taslamalaryň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Marydaky utgaşykly görnüşli bug-gaz elektrik stansiýasy iň täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň biri bolup durýar. Onuň ykdysady taýdan netijeliligi, ekologik taýdan howpsuzlygy we täzeçilligi Şweýsariýanyň Federal tehnologik instituty, Maks Plank adyndaky energiýa instituty, ABŞ-nyň sagdyn ekologiýa gaznasy tarapyndan berlen güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Gurak ýerlerde ekerançylygyň we suwaryşyň usullary boýunça ägirt uly tejribe toplan ýurdumyzda ylmy barlaglara möhüm orun berilýär we suw serişdelerine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasynda amatly howa gurşawynyň emele gelmegini, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde ýerleşýän “Ak ýaýla” diýen ýerde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň taslamasy “ýaşyl” ýörelgeler» diýlip atlandyrylýan durmuş gurşawynyň döredilmegine laýyk gelýär. Bu barada aýdylanda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Resminamalara laýyklykda, bu köli rejeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlarynyň çägini giňeltmek, bu sebitde we suw akabalarynyň kenarlarynda täze obalary gurmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Sebitiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biodürlüliginiň artdyrylmagyna, ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanylmagyna we netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar arkaly täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde bu taslamanyň ähmiýeti uludyr. Bu ugurda ýörite barlaghanany döretmek we onuň yzygiderli işini ýola goýmak çöl hem-de medeni zolakdaky ösümlikleri, miweli baglary ylmy esasda öwrenmek babatda ygtybarly binýady emele getirer. Şonuň netijesinde, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarlarynda ýakyn wagtda täze tokaý zolaklary dörediler.

Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän çäreleriň ähmiýetlidigini belleýär. Merkezi Garagum Watanymyzyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, ösümlik, hojalyk-ekologik barlaglaryny geçirmekde deňi-taýy bolmadyk tebigy künjekleriň biri bolup durýar. Onuň giňişlikleri, ekoulgamy ilkibaşdaky görnüşinde üýtgewsiz saklanypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýäde Garagum sährasynyň goraghana zolaklaryny wagyz etmek meselelerine yzygiderli üns bermegi bilen, ýurdumyzda bu sähralygy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bar bolan goraghanalarda tebigatyň özboluşlylygy, topragyň geologik taýdan ösüşi aýdyň görünýär. Bu künjek ekologik deňeçerligi hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ägirt uly ähmiýeti bolan köp sanly seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsiniň taryhy watany bolup durýar. Goraghanalaryň esasy wezipesi biologik köpdürlüligi saklamakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gelip çykyşyny öwrenmekden, tebigy aýratynlyklary özleşdirmekden, tebigy ýagdaýlaryň özbaşdak akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.

Bu gün tebigaty goramak boýunça toplanan tejribä hem-de türkmen ylmynyň mümkinçiliklerine dünýäde uly isleg bildirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň iri halkara ekologik forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrülmegini şertlendirdi. Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we “ýaşyl” ykdysadyýetiň esasy ugruny öz içine alýan hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan, ekologiýa syýasaty boýunça her ýylda geçirilýän ylmy-amaly maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr.

2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda oňyn syýasaty alyp barýandygyny görkezýär. Daşky gurşawyň baýlyklaryny we köpdürlüligini goramak, baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmagy Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini kepillendirýär.

Türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologik serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak meseleleriniň oňyn çözülmegi adamlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün edýär. Seýilgäh we gök zolaklaryň döredilmegi, olaryň meýdanlarynyň giňeldilmegi halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ugrundaky gadymy däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04