Repetek döwlet biosfera goraghanasy

284
Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada döredilen iň ilkinji goraghanadyr. Bu goraghananyň döreýiş taryhy XX asyryň başlaryndan başlanýar. 1912-nji ýylda Russiýa Imperatorlyk Geografiýa jemgyýeti tarapyndan Repetek demirýol duralgasynyň ýanynda Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasy döredilýär. Repetek goraghanasynyň döredilmegi şol wagtdaky Russiýanyň Imperatorlyk Geografiýa jemgyýetiniň baştutanlygynda Garagum sährasynyň gara sazakly tokaý meýdanlaryny ymykly öwrenmek maksadyna eýerýär.
Repetek döwlet goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda şol wagtky Türkmenistan Respublikasynyň MIK-niň ýörite karary bilen döwlet goraghanasy diýip yglan edilýär. Munuň döredilmeginiň düýp sebäbi: Repetekde we onuň daş-töweregindäki meýdanlarda bar bolan ajaýyp ojar tokaýlary we Gündogar Garagumuň çägeli-çölüniň aýratyn, özboluşly üýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak hem-de olary dikeltmekden ybaratdyr.     
Bu goraghana 1979-njy ýylyň 19-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň Halkara sazlaşdyryjy Geňeşiniň karary bilen “biosfera döwlet goraghanasy” diýen hukuk ýagdaýy (statusy) berildi. Goraghananyň tutýan meýdany 34600 gektar bolup, deňiz derejesinde orta hasap bilen 180-220 metr belentlikde ýerleşýär. Repetek döwlet biosfera goraghanasy Lebap welaýatynyň merkezi şäheri bolan Türkmenabatdan 70 kilometr günorta tarapda ýerleşýär. Goraghananyň häzirki araçäkleri 1952-nji ýylda kesgitlenildi.
Goraghananyň “Repetek” adynyň gelip çykyşy barada takyk maglumat ýok. Ýöne ylmy edebiýatlarda birnäçe çaklamalara duş gelinýär. “Repetek” sözi Soltanşa Atanyýazowyň maglumatlaryna  görä, “rabatek” sözüniň üýtgän görnüşidir. Ýagny, “rabatek” sözi “rabatjyk” ýa-da “kiçijik kerwensaraý” diýmegi aňladýar. Repetek çäge-çöl bekediniň 18 kilometr demirgazygynda Işanrabat atly kiçijik kerwensaraýyň gadym döwürlerde bolanlygy we häzirki döwürde-de ylmy-meýdan we meýdan-gözegçilik işlerinde taryhy tapyndylaryň häli-şindi tapylyp durýandygy munuň aýdyň subutnamasy bolsa gerek. Käbir beýleki ylmy çeşmelerde “repetek”  sözi arap dilinden gelip çykyp, türkmençe terjime edilende “süýji suwly darajyk geçelge” diýen manyny berýändigi barada agzalýar. Çöl ýerlerindäki çopan-çoluklaryň käbirleri “repetek” sözüni “repide” sözüniň esasynda gelip çykyp, “yssy sebit” diýmek bilen baglanyşdyrýarlar.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary çäge-çöllük landşaftyna degişli bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine onçakly bir baý bolmasa-da özüne mahsus bolan görnüşleri bilen bellidir. Soňky ýyllarda alnan maglumatlara laýyklykda Repetek döwlet biosfera goraghanasynda häzirki wagtda ösümlikleriň 120-den gowrak görnüşi ösýär. Olardan 76 görnüşi birýyllyk ösümliklerdir. Agaçlaryň 4 görnüşi, gyrymsy ösümlikleriň 11 görnüşi, ýarym gyrymsylaryň 2 görnüşi, ýarym gyrymsyjyklaryň 4 görnüşi, köpýyllyk otlaryň 23 görnüşi duş gelýär. Goraghanada kömelekleriň 8 görnüşi, mohlaryň 4 görnüşi duş gelýär.
        Repetek döwlet biosfera goraghanasynda haýwanat dünýäsiniň wekillerinden süýdemdirijileriň 29 görnüşi, guşlaryň 200-den gowrak görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 1 görnüşi, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi duş gelýär. 
Goraghananyň meýdanlary 4 bölekden ybarat bolup olar tebigy ýagdaýy bilen biri-birinden tapawutlanýan ajaýyp tebigy meýdanlar bolan “Ýaman tokaý” gara sazakly jülgesini, “Çarlak” tokaýlygy, “Repetek Saharasyny”, “Demirgazyk jülge” tokaýlygy we “Günorta jülge” tokaýlygy öz içine alýar. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda Ögem, Goýunguýy, Çopanguýy, Balguýy, Çekiçli, Günorta Mollady, Demirgazyk Mololady, Arap guýy, Ýaşgözel, Garrygözel ýaly suwly we suwsuz guýular bar.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzüminde 1 sany tebigy çäkli goraghanasy bar: Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1977-nji ýylda döredilýär we onuň meýdanlary goraghana meýdanlaryndan 90 kilometr günbatarda Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýär. Çäkli goraghananyň tutýan meýdany 30 000 gektar. Onuň döredilmeginiň esasy maksady: Ýerajy kölünde, onuň töwereklerinde ajaýyp gara sazakly tokaý ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, dikeltmek, geljekki nesillere ýetirmek, asyl durkuny saklap galmak we giňden dünýä ýaýmakdyr. Çäkli goraghana meýdanynda Aman, Galp, Dörtguduk, Ýerajy, Bäşimajy, Rozybaý ýaly hereket edýän we hereket etmeýän gury guýular bar.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda alym Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda ýazgy edilen dermanlyk häsiýetleri bolan ösümlikleriň birnäçesi duş gelýär. 
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň baý ylmy maglumatlary özünde jemleýän kitaphanasy 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda bu kitaphanada Alym Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ylmy edebiýat çeşmeleriniň 10 müňe golaýy, gazetler, žurnallar saklanýar we bu kitaplardyr gollanmalar ylmy işgärleri üçin gymmatly maglumatlardyr. Goraghananyň çäginde hereket edýän “Tebigat we taryhy tapyndylar” muzeýi ösümlikleriň we haýwanlaryň gäplerini, meýdan-gözegçilik işlerinde tapylan taryhy tapyndylary, goraghananyň taryhyndan söz açýan suratlary, gerbarileri özünde saklamak bilen, bu ýeri görmäge gelen her bir höwesjeňiň ünsüni özüne çekýär.
Goraghana döredileni bäri dünýäniň birnäçe döwletlerinden sähra öwreniji alymlaryň birnäçesi gelip, bu ýerde ylmy işleri alyp bardylar. Geçirilen ylmy işleriň netijesinde alymlar “Repetek döwlet biosfera goraghanasy sähra öwreniji alymlaryň ylmy Mekgesidir” diýen karara geldiler. 
Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdi biragyzdan kabul edildi we  Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çöl ekoulgamlary 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04