“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy
533“Bereketli Garagum” adyna eýe bolan täze döredilen aýratyn goralýan tebigy ýer mähriban Watanymyzda düýbi tutulan dokuzynjy, Garaşsyzlyk ýyllarynda we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, (2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda) ilkinji döredilen döwlet tebigy goraghanadyr. Onuň umumy meýdany çäkli goraghananyň meýdany (25 müň ga) bilen bilelikde 87,5 müň ga deňdir.
Goraghananyň esasy wezipesi Garagum çölüniň biodürliligini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, şeýle-de munuň ýaly deňsiz-taýsyz tebigy toplumy, şol sanda öri meýdanlary dikeltmek, rejeli peýdalanmak, gorap saklamak boýunça ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Ol öri meýdanlary aýap saklamakda we çölleri özleşdirmekde, durnukly ykdysady ösüşde, ekologik meseleleri çözmekde halkara gatnaşyklary, ylmy hem-de ekologik syýahatçylygy ösdürmekde, şeýle-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeýakaba ulgamynda goraghana işiniň ylmy esaslaryny işläp düzmekde nusga bolup hyzmat etmelidir.
Goraghananyň düzümine iki meýdança girýär. Birinjisi “Gamyşly” – 45,4 müň ga meýdany eýeläp, Aşgabat şäherinden 240 km uzaklykda, Ahal welaýatynyň Derweze we Tejen etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Ol Içoguz (Derweze) demir ýol bekedinden 80 km gündogarda nädogry dörtburçluk şekilli zolagy emele getirip, Üňüz çöketliginden Böwrüdeşik obasynyň giňişligine çenli 30 km gündogara uzalýar.
Ikinjisi “Mürzeçyrla” - 15 müň ga ýeri tutup, birinjisinden 60 km gündogarda, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde, Mürzeçyrla obasyndan 40 km günorta-gündogarda, Üňüzdäki çöketleriň, gyrlardyr gerişleriň, çägelikleriň, şorluklaryň çäginde ýerleşýär.
Goraghananyň meýdançalaryny insiz 2–4 km zolak şekilinde günbatardan-gündogara uzalyp gidýän Minara çäkli döwlet tebigy goraghanasy birleşdirýär. Ol 25 müň ga meýdany eýeläp, Tejen etrabynyň çäklerinde, Ýerbentden 90 km we Bokurdakdan 215 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär.
Goraghananyň aýratyn bir meýdançasynyň biri – Çalyş tejribe meýdançasydyr. Ol 100 ga meýdany eýeläp, Aşgabat–Daşoguz gara ýolunyň 78–79-njy km aralygynda ýerleşýär.
Goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriniň ösümlik dünýäsiniň düzümi 293 görnüşi, şol sanda 210 ýokary derejeli ösümligi öz içine alýar. Agaçjymak ösümlikleriň sany 16 görnüşe barabar. Bu ýerde Konolliniň sözenini – çölüň bezegine goşant goşýan kümüş ýaprakly, benewşe gül çogdamly, gelşikli kaşaň agajy; öri meýdanlary goraýan agaçlyklary hem-de ýokary hasyl berýän köpýyllyk örüleri döretmek üçin amatly gara sazagy ýa-da ojary; çägeleri berkitmekde hem-de öri meýdanlary gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ak sazagy, gandymlaryň dürli görnüşlerini, çerkezi, gum borjagyny bellemeli.
Goraghananyň haýwanat dünýäsi Garagumyň faunasynyň hakyky nusgasy bolup, bu ýerde çäge çöllere mahsus haýwanlaryň ähli görnüşleri duş gelýär. Goraghanada duş gelýän haýwanlar, esasan, gurakçylygy halaýanlar, ýagny psammofillerdir. Olar Garagumyň örän täsin haýwanat dünýäsiniň toparyndan ybaratdyr. Ýeriň haýwanat dünýäsiniň täsinligi, bu ýerde birmeňzeş çöl görnüşleriň özenini düzýän mör-möjekleriň, süýrenijileriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň, tomsuna jöwzaly we gyşyna aňzakly hem gazaply gurak şertinde ýaşamaga uýgunlaşan görnüşleri toplanandyr. Bu ýeriň faunasy haýwanlaryň 850-ä golaý (şol sanda oňurgaly haýwanlaryň 90-dan gowrak) görnüşini öz içine alýar.
Goraghananyň çäginde we oňa ýanaşyk ýerlerde seýrek we ýitip barýan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak, olary öňki ýiten ýerlerine göçürmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak bilen bagly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghananyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdi biragyzdan kabul edildi we we “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghananyň çöl ekoulgamlary 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.