Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy
306Amyderýa kenarýaka tokaýlardaky toraňňynyň we beýleki agaçlaryň çapylyp zaýalanmagynyň öňüni almak hem-de tokaý sugunlaryny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Ol Amyderýanyň sag we çep kenarýaka Nargyz, Gabakly we Görelde tokaýlarynda we olara ýanaşyk çöl ulgamlarynda ýerleşýär.Olar ajaýyp tebigaty, gymmatly tebigy baýlyklary, medeni miraslary bilen tapawutlanýarlar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 1982-nji ýylyň 27-nji maýynda çykaran 238 belgili karary esasynda döredildi. Onuň esasy wezipesi Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöllük meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmekden, goramakdan we öňki derejesine getirmekden ybaratdyr. Ol Lebap welaýatynyň Farap, Birata etraplarynyň we Seýdi şäheriniň çäklerinde ýerleşýär.
Amyderýanyň sag kenarynda goraghananyň Nargyz, çep kenarynda Gabakly we Görelde bölümleri ýerleşýär. Şeýle-de onuň çägine Amyderýanyň suw ýüzüniň bölegi hem girýär. Goraghananyň umumy meýdany 48 350 ga bolup, onuň 6 500 ga kenarýaka tokaýlyklar, 36 320 ga bolsa çöller tutýar.
Gabakly bölümidemirgazyk-gündogarda Gyzylgum çöli bilen araçäkleşýär. Bölümiň çägini Amyderýa bölüp geçýär.
Nargyz bölümi Amyderýanyň sag kenarynda, Hojakenepsi obasyndan 42 km daşlykda ýerleşýär. Nargyz tokaýynda beýikligi 13-14 m, diametri 1,8-2,0 m ýetýän petde, toraňňy, igde agaçlarynyň duş gelmegi onuň has irki, köne tokaýlygynyň alamatydyr. Bölümiň demirgazyk-gündogar çägi Gyzylgum çöli, günorta-günbatarda Amyderýa bilen araçäkleşýär.
Görelde bölümi Birata etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ol günorta-günbatarda Garagum çöli bilen araçäkleşýär.
Goraghananyň düzümine Kelif döwlettebigy çäkli goraghanasy hem girýär. Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1970-njy ýylda Türkmenistanyň has günorta etraplaryndaky suw-batgalyklarda gyşlaýan guşlary,ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertler döretmek hem-de Kelif kölleriniň tebigy toplumlaryny gorap saklamak maksady bilen döredildi.Onuň meýdany 103 000 ga.
Goraghananyň çäginde ýokary gurluşly ösümlikleriň 227 görnüşiniň barlygy anyklanyp, olardan 86 görnüşi tokaýlarda, 141 görnüşi çöl ulgamynda duş gelýär.
Çöller özboluşly tebigy hazynadyr. Ösümlikleriň arasynda dürli häsiýetli we ähmiýetli ösümlikler kändir. Goraghananyň çöl ulgamynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleri 50 görnüşi duş gelýär. Olar irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda adamlaryň saglygyny goramakda ulanylypdyr. Dermanlyk ösümlikleri dürli dümewlere garşy ulanmak, melhem taýýarlamak barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda giňden beýan edilýär.
Goraghananyň Gabakly, Nargyz, Görelde bölümlerinde guşlaryň 265 görnüşiniň barlygy anyklanyp, sanawy düzüldi. Olar ýaşaýyş häsiýetleri boýunça: hemişelik ýaşaýan, uçup gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan, tomusda gelip ýaşaýan, uçup geçýän, tötänlikde dürli sebäplere görä uçup gelýän görnüşlerden ybaratdyr. Goraghanada duş gelýän görnüşlerini anyklamak, möwsümleýin sanyny, gürlügini kesgitlemek, iýmitleniş, gyşlaýyş, köpeliş şertlerini yzygiderli we toplumlaýyn öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Olaryň netijesinde goraghananyň çäginde höwürtgeleýän guşlaryň 103 görnüşiniň barlygy anyklanyp, sanawy düzülen.
Goraghananyň çäginde duş gelýän guşlaryň 28 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar seýrek duş gelýän, goraga mätäç görnüşli guşlardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky 2289-njy karary bilen tassyklanan Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda 2022-2025-nji ýyllarda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabyna degişli Pitnek belentliklerinde, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde Pitnek döwlet tebigy çäkli goraghanasyny döretmek meýilleşdirilýär.
Pitnek belentlikleriniň çäklerde geçirilen ylmy işler döwründe ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 15 görnüşi, guşlaryň 55 görnüşi, süýdemdirijileriň 27 görnüşi bellige alyndy. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň 13 görnüşi duş gelýär.
Diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp etmek, gorap saklamak, aýawly çemeleşmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we geljek nesillerimize miras galdyrmak ýaly işleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, geljegi nazarlaýan tebigy baýlyklarymyzy artdyrýan, halkymyza ruhy lezzet paýlamaga niýetlenen meýilnamalary, taslamalary işläp düzmek, olary amala aşyrmak ugrunda goraghanada netijeli işler alnyp barylýar.