“Tokay ýangynlaryna garşy toplumlaýyn dolandyryş babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek”atly halkara maslahat

88

    Turkiýa respublikasynyñ, Ankara şäherinde 2025nji ýylyñ 16-17-nji iýunynda “Tokay ýangynlaryna garşy toplumlaýyn dolandyryş babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek”atly halkara maslahaty geçirildi.Bu möhüm çäre Bütindünýä Banky we Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalygy we tokaý hojalygy ministrligi tarapyndan guraldy.
    Maslahat Türkmenistanyñ Daşky gurşawy goramak ministriniñ orunbasary Ö.Goşjanow,Sanly tehnologiýalar,maglumat howpsyzlygy we ekologiýa habarlary bölüminñ başlygy P.Hommatlyýew we degişli wekiller gatnaşdylar.Maslahatyñ dowamynda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda tokaý zolaklaryny giňeltmek, bag ekmek çäreleri giň gerimde alnyp barylýandygy nygtaldy.
   Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Tokay ýangynlary häzirki wagtda tutuş dünýäde aladaly ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Uzak dowam edýän gurakçylyklar, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de adam tarapyndan ýetirilen täsirler sebäpli ýangyn howpy barha ýokarlanýar. Bu ýagdaýlara garşy netijeli göreşmegiň esasy şerti - döwletleriň arasynda tejribe, bilim we tehnologiýalaryň alyş-çalşygynyň pugtalandyrylmagydyr.
Türkmenistanda tokaýlaryň goralmagy, dikeldilmegi we rejeli dolandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
    Şeýle hem ýurdumyzda tokaý ýangynlarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda tassyklan 2025-nji ýyl üçin Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky Döwlet toparynyň meýilnamasyna laýyklykda, tokaý, öri we ekin meýdanlarynda, serhetýaka ýerlerinde ýangyna garşy sürüm işleri giň gerimde alnyp barylýar.
     Türkmenistanyň wekilleriniň maslahata gatnaşmagy, ýurduň tokaý zolaklarynyñ halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatdaky ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04