Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Alymlar geňeşiniň mejlisi geçirildi.

136
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Alymlar geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalarynyň we biosfera goraghanasynyň 2024-nji ýylyň “Tebigat ýyl ýazgylary” boýunça hasabatlary, diňlenildi. Hasabatlary goraghanalaryň ylmy bölümleriniň başlyklary tabşyrdylar. Her bir goraghananyň taýýarlan “Tebigat ýyl ýazgylaryna” Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan syn berildi. Hasabatda synlary taýýarlan alymlar we hünärmenler hem diňlenildi. “Tebigat ýyl ýazgylary” ýokary hilli suratlar, dürli tablissalar we diagrammalardan durýan prezintasalar arkaly tabşyryldy. Bu mejlise Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň laboratoriýa müdürleri we ylmy işgärleri, goraghanalaryň ylmy bölüminiň başlyklary gatnaşdylar.
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnalynyň baş redaktory Myratberdi Akyýew

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04