BMG-nyň Azyk we oba hojalyk boýunça gurmasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda "Tokaý syýasaty we Türkmenistnyň tokaý kodeksine üýtgetmeler girizmek boýunça milli gepleşik" atly maslahaty
482024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-19 aralygynyda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Arçabil myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk meseleleri maksatnamasynyň Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Tokaý kodeksine üýtgetmeleri girizmek baradaky Milli seminarynyň we sebitleýin menejment işiniň deslapky maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we sebitleýin ähmiýeti bolan halkara çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek işleri toplumlaýyn we ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu halkara maslahata Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurdumyzyň ondan gowrak ministrlikleriniň hünärmenleri hem-de daşary ýurt bilermenleri gatnaşdylar. Geçirilen halkara maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylan işler barada çykyşlar edildi. Çykyşlarda häzirki zamanyň ösen tejribesini we ylmyň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek meseleleriniň ähmiýetine üns berildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly maksatlarynyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ekologiýa syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, ozal ekilen baglara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu babatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän döwlet tebigy goraghanalaryň işine möhüm ornuň degişlidigini nygtap, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Munuň özi howanyň hapalanmagyna, zyýanly galyndylarynyň möçberleriniň azaldylmagyna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan ekologiýa meseleleri boýunça BMG we onuň düzümleri, aýratyn-da, azyk we oba hojalyk meseleleri boýunça guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi halkara giňişliginde azyk howpsuzlygynyň we oba hojalygy pudagynyň ösüşiniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Geçirilýän halkara maslahatlarda bolsa bu ugra degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de ony ösdürmegiň wajyp wezipeleri kesgitlenýär. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmeginde möhüm ähmiýeti bolan gepleşikleriň we duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetine üns berdiler.